sümmek

sümmek
işlik
1) Sümelgeden geçmek, deşikden ýa-da bir aralykdan ýapylyp, süýşüp geçmek.
∙ Şol wagtda wagonyň aşagyndan sümüp geçen bir göwrä gözi düşdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
2) Göçme manyda Bir ýere baryp girmek, sokulmak, ýerleşmek.
∙ Ol bir meýdan ýöränden soň, gür tokaýa sümdi. (A. Gowşudow, Eserler)
∙ Sümen eken ol bir ýolbaşçy işe. («Tokmak» žurnaly)
Ýazuw düzgüni: Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem sümmek - sümdüm, sümdüň, sümüpdir.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно решить контрольную?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»